ÝB–Merkezi Aziýa iş topary daşky gurşawy goramak boýunça maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB–Merkezi Aziýa iş topary daşky gurşawy goramak boýunça maslahatlaşdy
Maslahata Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. (Surat: Gyrgyz DIM-i)

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-13-nji fewralda Brýusselde gecirilen daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy.

Maslahatyň işine Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamlarynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.

Maslahat daşky gurşaw we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ÝB–Merkezi Aziýa platformasynyň çäklerinde guralyp, ol tebigaty goramak işiniň dolandyrylmagy, ýapyk aýlawyň ykdysadyýeti, durnukly önümçilik we sarp ediş, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň dolandyrylmagy ýaly ileri tutulýan ugurlary öz içine alýar.

Maslahata gatnaşyjylar 2015-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleriniň dolandyrylmagy ulgamlarynda ýetilen sepgitleri we degişlilikde ýokary derejedäki ÝB–Merkezi Aziýa 6-njy Maslahatynyň netijelerini hem-de daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa Iş topary tarapyndan işlenilip düzülen teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we suw serişdeleri ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş toparyň mejlisiniň jemleri boýunça işiň tehniki tabşyrygy we reglamenti tassyklanyldy, şeýle-de daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB–Merkezi Aziýa Iş toparynyň maksatnamasy kabul edildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Berlinde “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahat geçirilipdi.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, daglyk sebitleriniň ösdürilmegi we beýlekiler bilen bagly birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde ekologiýada howpsuzlygy saklamak boýunça “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly sebitleýin başlangyç işe girizildi hem-de wekiliýetleriň ýolbaşçylary bu başlangyjy goldadylar we bilelikdäki jarnama gol çekdiler.