Lebabyň “Çeper” kärhanasy 1.5 million manatlyga golaý haly taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebabyň “Çeper” kärhanasy 1.5 million manatlyga golaý haly taýýarlady
Halyçylyk fabriginde zähmet çekýän 2 müňden gowrak halyçy gelin-gyzlar geçen ýylyň dowamynda 14 million 690 manatlyga golaý iş etdiler.

Lebap welaýatynyň halaç etrabyndaky “Çeper” halyçylyk kärhanasynda haly we haly önümleriniň geçen aýda 845 inedördül metri dokaldy. Pul hasabynda alnanda kärhanada ýanwar aýynda 1 million 440 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi.

Halyçylyk fabriginde zähmet çekýän 2 müňden gowrak halyçy gelin-gyzlar geçen ýylyň dowamynda 9 müň 300 inedördül metr haly dokap, 14 million 690 manatlyga golaý iş etdiler.

Geçen ýylyň dekabr aýynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatyna Halajyň “Çeper” kärhanasynyň halyçylary öz goşandyny goşup gelýär. Olar bu ýerde beşir gölli ýaprak, derweze gölli halylar, tegelek, sekizburçly halylar, tebigatyň keşbi şekillendirilen halylar, iki tarapy hem gölli halylar, şeýle-de sowgatlyk haly önümleri taýýarlaýarlar.

Buýurmalar esasynda hem kärhanada 70 inedördül metrden 180 inedördül metre çenli özboluşly uly göwrümli halylar dokalýar. 1986-njy ýylda açylan fabrikde geçen ýyl 215 inedördül metre barabar uly göwrümli haly dokaldy.

Kärhanada dokalýan halylar döwlet söwda edaralarynyň üsti bilen daşary ýurtlara hem eksport edilýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022