Dubaý şäherindäki “Roadshow” TOPH taslamasynyň maslahatlaşyljak forumy bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dubaý şäherindäki “Roadshow” TOPH taslamasynyň maslahatlaşyljak forumy bolar
“Rowadshow” 24-25-nji fewral aralygynda Dubaý şäheriniň “Hyatt Regency” myhmanhanasynda geçiriler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 24-25-nji fewral aralygynda “TOPH gazgeçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gazgeçirijisidir” atly Halkara maslahaty hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmek boýunça forumy geçiriler.

Geçiriljek çärelere türkmen wekiliýeti bilen bilelikde, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Forumyň gün tertibine sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň ornuny ara alyp maslahatlaşmak giriziler.

Şeýle hem forumyň barşynda Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, nebit gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygynyň täze gurallaryny, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek we marketing bilen baglanyşykly meselelere serediler.

Forumyň dowamynda TOPH gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik hem geçiriler. Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

“Roadshow”-yň ikinji forumy 2020-nji ýylyň 7-8-nji iýul aralygynda London şäherinde geçiriler.

“Roadshow” – bu dürli şäherlerde geçirilýän duşuşyklaryň toplumy bolup, esasy maksady belli bir pudakda daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022