Hindistanda $166 milliardlyk altyn gorlary tapyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindistanda $166 milliardlyk altyn gorlary tapyldy
Ýüze çykarylan altyn känleriniň bahasy häzirki bahalara öwreniňde 12 trillion rupiýa ($166 milliard) golaý bolmagy mümkindir.

Hindistanyň geologiýa gullugy (GSI) Uttar-Pradeş ştatynyň Sonbhadra diýilýän ýerinde takmynan 3,000 tonna altynly gorlar ýüze çykardy. Bu bolsa, Hindistandaky sary metallyň häzirki gorlaryndan bäş esse töweregi artykdyr. Bu barada “India Today” žurnaly şenbe güni çap edilen sanynda habar berýär.

Žurnalda ýazylyşy ýaly, ýüze çykarylan altyn känleriniň bahasy häzirki bahalara öwreniňde 12 trillion rupiýa ($166 milliard) golaý bolmagy mümkindir.

Altyn känleri Son-Pahadi we Hardi künjeklerinde tapyldy.

Sebitiň dag inspektorynyň bellemegine görä, desgadaky işler 2005-nji ýyldan soň başlandy we altynyň gorlaryna degişli hasabatlar ýakynda alyndy. Altyndan başga-da bu sebitde beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlar hem tapyldy diýip, gözegçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Altyn gorlarynyň tapylan baýryň tutýan meýdany 108 gektara deňdir. Kände gözleg işlerini geçirmek boýunça elektron bäsdeşigi yglan edildi.

Maglumata görä, bu görkeziji Hindistanyň altyn goruny ABŞ-den soň ikinji orna çykarmaga mümkinçilik berer. Bütindünýä altyn geňeşiniň (WGC) maglumatlaryna görä, ABŞ-niň altyn gory 8,133 tonna deň bolup, ýurt bu ugurda dünýäde birinji orny eýeleýär. Ikinji ýerde öz 3,366 tonna altyny bilen Germaniýa, üçünji orunda bolsa, 2,814 tonna altyny bilen Halkara pul gaznasy gelýär.

Altyn gaznalary degişlilikde 2,451 we 2,436 tonna bolan Italiýa bilen Fransiýa hem bäşlige girýär. Häzirki wagtda Hindistanyň altyn gory 626 tonna diýlip kesgitlenilýär.

2022