Türkmenistanyň edaralarynda sanly tehnologiýalar bölümleri açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň edaralarynda sanly tehnologiýalar bölümleri açylar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň merkezi edarasynda sanly tehnologiýalar bölümi dörediler.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň merkezi edarasynda sanly tehnologiýalar bölümi hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň gurluşynda daşary ykdysady aragatnaşyklar, marketing we sanly tehnologiýalar bölümleri dörediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde täze bölümleri açmak boýunça hödürlenen resminamalary tassyklady.

Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrligine 2019-2025-nji ýyllar içinde önümçilik-tehniki kuwwatyny berkitmek boýunça 100 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýmak göz öňünde tutulýar.

“Türkmenhaly” 7-nji fewralda Dokma senagaty ministrliginiň düzüminden çykarylyp, Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi we onuň ady “Türkmenhaly” döwlet birleşigi diýlip üýtgedildi.

2019-njy ýylda Türkmenistanda türkmen halysy we haly önümleri 2018-nji ýyla garanyňda 20% artyk öndürildi. Halylaryň eksport edilen möçberi 173%-e ýetip, onuň fiziki şahslara degişli möçberi 5% ýokarlandy.

2022