Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň bilermenleri duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň bilermenleri duşuşdy
Bişkek şäherinde 20-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň bilermenleriniň duşuşygy geçirildi. (Surat: Gyrgyzystanyň DIM-i)

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde 20-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň bilermenleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Gyrgyzystanyň DIM-i habar berýär.

Bu duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meredow Şadurdy gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň II Konsultatiw duşuşygynda öňe sürlen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň III Konsultatiw duşuşygynyň taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär. Duşuşygyň esasy maksady sebit döwletleriniň arasyndaky we halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekdir. Ilkinji duşuşyk 2018-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022