Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär
Ýoluň gurluşygynyň başlanýan ýerinden 100-nji kilometrligine çenli aralygyň çagyl-çäge garyndysynyň birinji gatlagy düşelip gutaryldy we ikinji gatlagy düşemek işleri dowam edýär.

“Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça 600 kilometr uzajak Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşyk meýdanynda “Nusaý  ýollary” hususy kärhanasynyň, “Altyn nesil”, “Hyzmat merkezi”, “Edermen” hojalyk jemgyýetleriniň gurluşykçylary gurluşygy güýçli depginde alyp barýarlar.

Gurluşygyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen bölegine ýoluň 203 kilometri degişli bolup, bu aralykda suw geçelgeleriniň 67-sinden 41-si eýýäm gutarnykly taýýar edildi. Galan 26-synda gurluşyk işleri dowam edýär.

Ýoluň gurluşygynyň başlanýan ýerinden 100-nji kilometrligine çenli aralygyň çagyl-çäge garyndysynyň birinji gatlagy düşelip gutaryldy we ikinji gatlagy düşemek işleri dowam edýär.

““Edermen” hojalyk jemgyýetiniň paýyna degişli ýoluň 40-60 kilometrligininiň gurluşyk meýdançasynda 550 gurluşykçy zähmet çekýär we 190 sany tehnika işledilýär” diýip, meýdançanyň başlygy Muhammetjelil Rejepow aýtdy.

Gurluşyk meýdançasynda ýoluň hil-barlag işlerini Awstriýanyň “VCE” kompaniýasy alyp barýar. Kompaniýanyň Türkmenistandaky wekili Domagoj Perkowiçiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň maslahatçylary “Türkmen Awtoban” ÝGPJ-niň tehniki gözegçilik bölüminiň hünärmenleri bilen bilelikde degişli işleri-de geçirýärler.

“Awtobanyň hil-barlag işleri boýunça yzygiderli okuw sapaklary guralýar” diýip, Perkowiç sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşgabat – Türkmenabat  ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi. Umumy bahasy 2 milliard 300 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu awtobanyň gurluşygyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022