“Yug-Neftegaz Private Limited” singapur kompaniýasy 2020-nji ýylda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşan şertnama laýyklykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna 70 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýum goýar. Bu barada 24-25-nji fewral aralygynda Dubaýda geçirilen “Roadshow”-da aýdyldy.
“Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy şertnama laýyklykda, 2020-nji ýylda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan 80 sany nebit buraw guýularynyň önümçilik ukybyny artdyrmak işlerini geçirer. Netijede 105 müň tonnadan gowrak goşmaça nebit almak göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň barşynda kompaniýanyň direktory Igor Burkinskiý şertnama laýyklykda Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Goturdepe nebit ýatagynda 60-a golaý buraw guýularyny gazmak meýilleşdirilýändigini aýtdy.
“Yug-Neftegaz Private Limited” singapur kompaniýasy we “Türkmennebit” döwlet konserni 2008-nji ýylda Türkmenistanda nebit guýularyny abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça şertnama gol çekipdiler. Şertnamanyň güýje giren gününden 2020-nji ýylyň başyna çenli kompaniýa Türkmenistanda 1,544 sany buraw guýularynda abatlaýyş işlerini geçirdi. Kompaniýanyň bu işlere goýan maýa goýumy 369 million ABŞ dollaryna barabardyr.
Şeýle-de “Roadshow”-da Italiýanyň “Saipem” we “Pietro Fiorentini” hem-de “Dana Group” arap kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.
BAE-niň “Horizon Energy” we “Transpetrol”, Rumyniýanyň “Komet Group” kompaniýalary täze tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda öňden bäri ulanylyp gelinýän nebit känleriniň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga tekliplerini öz çykyşlarynda beýan etdiler.
Forumda BAE-niň “Petrofac” kompaniýasy “Galkynyş” gazkondensat ýatagyny özleşdirmekde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.
Dubaýda geçirilen göçme foruma 42 döwletden 113 sany kompaniýanyň 300-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.