Aşgabatda türkmen-owgan söwda we ykdysady gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda türkmen-owgan söwda we ykdysady gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady häsiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady häsiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda import we eksport aragatnaşyklarynyň artdyrylmagynyň, maýa goýumlaryň giňeldilmeginiň, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň, şeýle-de işewürlik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar energetika, ulag we logistika, kommunikasiýalar we senagat ulgamynda söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi babatynda pikir alyşdylar. Nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar bu ugurdaky yzygiderli gepleşiklerini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Türkmen tarapyndan foruma ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystandan bu maslahata gatnaşmaga ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçileri geldiler.

20-nji fewralda Türkmenistan tarapyndan Owganystana 2020–2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnama tassyklanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022