Türkmenistanda gümrük paçlarynyň we harytlaryň täze sanawy herekete girýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gümrük paçlarynyň we harytlaryň täze sanawy herekete girýär
Türkmenistanda ýurduň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklandy.

Türkmenistanyň çägine getirilen gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawyny hem-de gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak boýunça Karara gol çekildi.

Şeýle-de resminamada Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük pajynyň möçberi hem tassyklanyldy.

2020-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni gol çekdi.

Resminamanyň maksady Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmekden, olaryň bähbitlerini goramakdan we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmekden ybaratdyr.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

2022