“Derýaplastik” şu ýyl Baltika ýurtlaryna eksporty ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Derýaplastik” şu ýyl Baltika ýurtlaryna eksporty ýola goýmakçy
Ozal plastik önümleriniň 700 görnüşini öndüren “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda bu görkezijini 1200-e ýetirdi.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti içerki bazary öz önümleri bilen üpjün etmek bilen bir hatarda 2018-nji ýylda sebit ýurtlaryna we GDA döwletleriniň birnäçesine eksporty ýola goýdy. 2020-nji ýylda kärhana Baltika döwletlerine we Belarusa eksporty ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetiniň önümhanalarynda 10 müňden 12 müň tonna çenli polietilen we polipropilen önümleri gaýtadan işlenilip, geçen ýyla garynyňda görkezijiler ep-esli artdy. Şeýle-de önümiň özüne düşýän gymmaty 30% peseldi.

Ozal plastik önümleriniň 700 görnüşini öndüren “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda bu görkezijini 1200-e ýetirdi. Kärhananyň önümçiligi üçin polimer önümleri Balkan welaýatynda ýerleşýän Gyýanly gazhimiýa toplumyndan getirilýär.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň düzüminde üç sany önümçilik kärhanalary hereket edýär. Olaryň ikisinde plastik turbalar, ätiýaçlyk şaýlary we fitingler, asma potoloklar, penjire öňlükleri, elektrik geçirijiler ýaly polimer önümleri öndürilýär.

Ýakyn günlerde bolsa, hojalyk jemgyýeti göwrümi 15-den 150 litre çenli suw gyzdyryjy (boýler) öndürýän kärhanasynyň ýene birini açmagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem kärhanada hojalyk önümleriniň 60-a golaý görnüşi öndürilýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanda “Derýakeramika” haryt nyşanly faýans keramiki santehnika önümlerini öndürýän ilkinji kärhana açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022