Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda daşary ýurtly maýadarlary artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda daşary ýurtly maýadarlary artdyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti maslahatda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni ýurduň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda hasabatlary diňlän ýurt Baştutany hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmak mümkinçiliginiň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça bar bolan mümkinçilikleriň guralýan halkara maslahatlarda, işewürlik forumlarynda doly açylyp görkezilmelidigini belledi.

Şeýle-de ykdysady taýdan bähbitli taslamalar, şol sanda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak teklip edilmelidir, ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy boýunça şolary tapgyrlara bölmek zerur bolup durýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde pudagyň düzümlerine häzirki zaman tejribelerini, täzeçil usullary ornaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleriniň durýandygyny belledi.

Iş maslahatynda täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna nebitgaz pudagynyň düzümlerini giňeltmegiň zerurdygy bellenip geçildi.

2022