Türkmengalanyň un öndürýän kärhanasy önümçilik kuwwatyny doly ulanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmengalanyň un öndürýän kärhanasy önümçilik kuwwatyny doly ulanýar
Türkmengaladaky kärhanada her ýyl unaşyň 14 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik bolup, onuň 16 görnüşi öndürilýär.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän un we unaş önümleri kärhanasy geçen ýylyň dowamynda 39 müň tonna golaý ýokary, 1-nji we 2-nji hilli un öndürdi.

Şeýle-de 2019-njy ýylyň dowamynda 12 müň tonnadan gowrak kepek, 1.5 müň tonna golaý çörek we çörek önümleri öndürildi. Pul serişdesi bilen alnanda kärhanada geçen ýyl 32 million manatlykdan gowrak önüm sarp edijilere ýetirildi.

Türkmengaladaky kärhanada her ýyl unuň 40 müň tonnasyny we unaşyň 14 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik bardyr. Bu ýerde unaşyň 16 görnüşi öndürilýär.

2007-nji ýylda açylan we döwrebap enjamlar oturdylan kärhanada häzirki wagtda 330 işgär üç çalşykda zähmet çekýärler.

Türkmenistanda geçen ýyl 1.6 million tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygyldy. Mary welaýatynda bolsa, 380 müň tonnadan gowrak hasyl ýygyldy we galla kärhanalaryna tabşyryldy.

2022