Lebapda bişen kerpiçler bilen gurluşyk meýdançalary üpjün edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda bişen kerpiçler bilen gurluşyk meýdançalary üpjün edilýär
Lebap welaýatnyň “Türkmenkerpiç” döwlet kärhanasy geçen ýyl 22.3 million bişen kerpiç öndürdi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Lebap welaýatnyň “Türkmenkerpiç” döwlet kärhanasy bişen kerpiçler bilen gurluşyk meýdançalaryny yzygiderli üpjün edip durýar.

Kärhana şu ýylyň başyndan bäri 3.2 milliondan gowrak şertli kerpiç öndürip, gurluşyk kärhanalaryna ugratdy. Şol döwürde bu ýerde 805 müň manatdan gowrak iş edildi.

Welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän kärhana geçen ýyl 22.3 million şertli kerpiç taýýarlap, 5 million manada golaý iş etdi.

Şeýle-de ministrligiň “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Türkmenabat şäheriniň agajy gaýtadan işleýän kärhanasy bişen kerpijiň geçen ýyl 5 ýüz müň manatlyga golaýyny öndürdi.

“Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Türkmenabat şäheriniň agajy gaýtadan işleýän kärhanasy ýörite buýurmalar esasynda öý-hojalyk üçin niýetlenen aşhana mebelleri, alýuminden ýasalan gapylary we penjileri öndürýär. Geçen ýyl kärhanada 3 million manatlyga golaý iş edildi.

Şol bir wagtda gurluşyk-gurnama işlerini hem alyp barýan kärhana geçen ýyl 13 million manatdan gowrak işi ýerine ýetirdi.

Şu ýylyň fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň “Türkmensenagat” agentliginiň işi bes edilip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi.