“Şatumar” önümlerini sebit ýurtlaryna eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Şatumar” önümlerini sebit ýurtlaryna eksport edýär
Kärhanada öndürilýän önümler “Şa”, “Emir”, “Ýunus”, “Tumar”, “Dana” haryt nyşanlary bilen ilata ýetirilýär.

“Şatumar” hususy kärhanasy önümlerini Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Owganystan ýaly sebit ýurtlaryna eksport edýär.

Ilki bilen egin-eşik ýuwujy serişdelerini öndürmäge başlan kärhana Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Bu ýerde öndürilýän önümler “Şa”, “Emir”, “Ýunus”, “Tumar”, “Dana” haryt nyşanlary bilen ilata ýetirilýär.

Geçen ýyl hususy kärhana “OK” haryt nyşanly atyrlaryň 40-a golaý görnüşlerini öndürmäge başlady. Olaryň 24 görnüşi zenanlara, 13 görnüşi erkeklere niýetlenendir. Üç görnüşi bolsa, uniwersal häsiýetde bolan parfýum önümleridir. Bir tapgyrda parfýumyň 50 müňden gowrak çüýşesi taýýar edildi.

Häzirki wagtda durmuş himiýasyny öndürýän kärhana öwrülen “Şatumar” ornaşdyrylan ýokary tehnologiýaly enjamlaryň hasabyna, egin-eşik ýuwujy, ýumşadyjy we agardyjy serişdeleri, gap-gaç, aýna ýuwujy we otaga ys beriji serişdeleri, şampunlary, suwuk sabynlary, diş pastalaryny, el ýumşadyjy kremleri, şeý­le-de turbalary arassalaýan erginleri öndürýär.

2022