Amerikan diplomaty türkmen gazynyň eksport mümkinçilikleri barada belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Amerikan diplomaty türkmen gazynyň eksport mümkinçilikleri barada belledi
ABŞ-niň Döwlet departamentiniň energetika baýlyklary býurosynyň energetika diplomatiýasy boýunça hünärmeni ABŞ-niň Türkmenistanyň hem Azerbaýjanyň halkara eksport ugurlaryndan peýdalanmagyny isleýändigini belledi.

ABŞ-niň Döwlet departamentiniň energiýa baýlyklary býurosynyň energiýa diplomatiýasy boýunça hünärmeni Natan Raýh “Trend” habar agentligine beren beýanatynda ABŞ-niň Türkmenistanyň hem Azerbaýjanyň halkara eksport ugurlaryndan peýdalanmagyny isleýändigini belledi.

“Türkmenistanda kondensatyň we tebigy gaz gorlarynyň uly möçberi bar. Kompaniýalar türkmen gazyny hem işläp, ony eksport etmek isleýärler. Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we Ýewropa döwletleri türkmen gazyny sarp edip bilerdiler” diýip, ABŞ-li hünärmen belledi.

Raýh ABŞ-niň kompaniýalary Azerbaýjanyň gaýtadan işlenýän energiýa pudagyna maýa goýmagy we bu pudakda öz tejribelerini paýlaşmagy, şeýle hem maýa goýumlary çekmegi meýilleşdirýändigini hem belledi.

“Azerbaýjan we ABŞ eýýäm 30 ýyla golaý wagt bäri syýasy, ykdysady, howpsuzlyk, sosial we ynsanperwer pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürip gelýärler. Energetika pudagynda Azerbaýjan we beýleki döwletler “Baku–Tbilisi–Jeýhan” gazgeçirijisiniň we gurluşygy tamamlanyp gelýän “Günorta gaz geçelgesiniň” üsti bilen Ýewropa we dünýä energetika bazaryna ýol açdylar” diýip, Raýh öz beýanatynda aýtdy.

“Häzirki wagtda Azerbaýjan Hazar deňzinde nebiti gazyp alyş kuwwatyny artdyrýar” diýip Raýh sözüni dowam etdi. “Öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalary Hazar deňziniň Azerbaýjan tarapynda täze nebit ýataklarynyň barlag we gazyp alyş işlerini dowam etdirýärler”.

Türkmenistan ýylda 30 milliard kub metre çenli gazy Ýewropa ibermäge taýýardygyny mälim etdi. Häzirki wagtda Aşgabat Hazaryň düýbünden Azerbaýjanyň kenarlaryna çenli 300 kilometrlik gazgeçirijini çekmek mümkinçiligini öwrenýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022