“Türkmengaz” Marokkonyň we BAE-niň kompaniýalaryna 1 million tonna kükürt satar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” Marokkonyň we BAE-niň kompaniýalaryna 1 million tonna kükürt satar
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen OCP S.A.” we “Sun International FZE” kompaniýalary 1 million tonna kükürdi satmak hakyndaky Şertnama gol çekdi.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Marokko Patyşalygynyň “OCP S.A.” we Birleşen Arap Emirlikleriň “Sun International FZE” kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakyndaky Şertnama gol çekildi.

Şertnama barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Wise-premýer Meredow 4-5-nji martda Marokko Patyşalygyna amala aşyran saparynyň dowamynda şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigi barada aýtdy.

Gulluk iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Marokkonyň Mejlisiniň Wekiller Palatasynyň başlygy, Marokkonyň Geňeşçiler Palatasynyň başlygy, Marokkonyň ykdysadyýet, maliýe we dolandyryş özgertmeleri ministri hem-de dostlukly ýurduň hususy pudagynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirilipdi.

Şeýle-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew türkmen wekiliýetiniň düzüminde Marokko sapary amala aşyrypdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022