“Buhara sitiniň” gurluşygynda türkmen keramika önümleri ulanylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Buhara sitiniň” gurluşygynda türkmen keramika önümleri ulanylar
Daşkentde “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň keramika önümlerine daşary ýurt kompaniýalary gyzyklanma bildirdi.

Şu ýylyň iýun aýynda keramika zawodyny açmagy meýilleşdirýän “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýeti önümlerini Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan ýaly döwletlere eksport edip başlamagy meýilleşdirýär.

“Döwletli Döwran” şu ýylyň 25-28-nji fewraly aralygynda Daşkentde geçirilen gurluşyk harytlarynyň sergisinde täze önümleriň ilkinji nusgalaryny görkezdi. Kärhana keramika önümleriniň alty görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär.

Hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Gadam Hoşwagtow “Türkmen Gündogary” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde özbek, gyrgyz, täjik taraplarynyň önümlere aýratyn uly isleg bildirendigini aýdyp, munuň esasy sebäbiniň önümleriň hilidigini belledi. “Biziň zawodymyz Merkezi Aziýada toýny iň ownuk üweýän zawod bolar. Bu bolsa, keramika önümleriniň has ýokary hilli bolmagyny üpjün eder”.

“Daşkentde geçirilen halkara sergide eýýäm ilkinji sargytlary aldyk diýsek hem hakykatdan daş düşmeris” diýen Hoşwagtow Özbegistanda şu aý gurluşygyna badalga beriljek “Buhara sitiniň” taslamalaryna gatnaşjak kompaniýalaryň önümlere isleg bildirendiklerini hem belledi.

“Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetine 2017-nji ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginden 28 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýyl hem hojalyk jemgyýeti bu ýeriň 1.5 gektar meýdanynda keramika zawodynyň gurluşygyna başlady.

Önümçilikde ýerli çig maly ulanmagy göz öňünde tutýan kärhana her ýyl 80 million sany keramika önümlerini öndürmegi maksat edinýär.

2022