Türkmenistan Demirgazyk Osetiýadan 5000 tonna ýeralma satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Demirgazyk Osetiýadan 5000 tonna ýeralma satyn aldy
Ýeralmalar haltalara gaplanyp, Demirgazyk Osetiýadan awtoulaglar arkaly Mahaçkalanyň portuna getirildi.

Mahaçkalanyň deňiz söwda portunda ýeralma ýüklenen birinji gämi Türkmenistana ugramaga taýýar diýip, TASS portuň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Mahaçkala portunyň baş direktory Murad Hidirow: “Ýeralmalar haltalara gaplanyp, Demirgazyk Osetiýadan awtoulaglar arkaly porta getirildi we “Balkan” gämisine ýüklenildi. Eksport edilýän ýüküň agramy 2 müň tonna deňdir” diýip belledi.

Hidirowyň aýtmagyna görä, portda eksport-import amallaryny amala aşyrmak üçin tehnologiýa enjamlarynyň ählisi bardyr. “"Türkmenistan" atly ýene bir gämi entek garaşyp dur. Oňa 3 müň tonnadan gowrak ýeralma ýüklener”.

Habara görä, gämileriň ahyrky barmaly nokady Türkmenbaşynyň halkara deňiz portudyr.

Baş direktoryň nygtaýyşy ýaly, Mahaçkalanyň porty Türkmenistanly telekeçiler bilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňelder.

“Geçen ýylda Türkmenistandan 2 million tonnadan gowrak nebit we nebit önümleri ýüklenip ugradyldy. 2020-nji ýylda portuň işgärleri olaryň indiki ýükleniljek möçberini ep-esli artdyrmagy meýilleşdirýärler” diýip, Hidirow sözüni jemledi.

Mahaçkala halkara söwda porty – Hazar deňziniň Günbatar kenarynda ýerleşip, Russiýanyň Hazar deňzinde doňmaýan porty hasaplanýar.

2022