TNGIZT nebit çig malyny doly depginde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT nebit çig malyny doly depginde işleýär
TNGIZT-de şu ýylyň geçen iki aýynda gelip gowşan 884 müň tonna nebit çig malynyň 874 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlendi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynyň iň iri senagat kärhanasy bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) şu ýylyň geçen iki aýynda gelip gowşan 884 müň tonna nebit çig malynyň 874 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlendi.

TNGIZT-de geçen iki aýda ýerine ýetirilen işler 105 göterime golaýlady. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwürde taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi bolsa, 269 müň tonnadan hem geçdi.

Ýurduň günbatar sebitinde 1943-nji ýylda ulanyşa girizilen TNGIZT-iň häzirki edara binasy 2008-nji ýylda açyldy. Umumy meýdany 450 gektardan gowrak bolan zawodlar toplumynda 3.5 müňden gowrak hünärmen işleýär.

Toplumda öndürilen suwuklandyrylan gaz, benzinler, kerosinler, dizel ýangyçlary, binýatlaýyn we harytlyk çalgy ýaglary, şeýle hem kokslar, bitumlar, polipropilen, plýonka, haltalar we beýleki harytlar Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ýerlenýär.

Häzirki wagtda bu ýerde haýýaladylan kokslamak enjamyny gurnamak işleri alnyp barylýar. Bu bolsa, TNGIZT-iň nebiti gaýtadan işlemek güýjüni 10-20 göterime çenli artdyrar. Haýalladylan kokslamak enjamyndan alnan kokslanan benzin A-80 ýangyjynyň önümçiliginde esasy çig mal bolup durýar, şeýle-de ýokary oktanly we Ýewro-5 ölçegine gabat gelýän benzin önümçiliginde hem peýdalanylyp bilner.

2022