Türkmenistanda hususy akkumulýator önümçiligini ýola goýan “Kökçi” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň dowamynda 2 müňden gowrak önümi Owganystana eksport etdi.
Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada 2019-njy ýylda 40 müňden gowrak akkumulýator öndürilip, bu önümler “Kuwwat”, “Ýyldyrym”, “TM Power” haryt nyşanlary bilen alyjylara ýetirildi.
Akkumulýatorlar ýeňil awtoulaglara-da, ýokary kuwwatlykly ýük ulaglaryna-da niýetlenendir. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär.
“Kökçi” hojalyk jemgyýeti önümçilik üçin zerur bolan çig maly ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek bilen alýar.
2016-njy ýylda esaslandyrylan kärhanada häzirki wagtda 80 hünärmen zähmet çekýär. Kärhanada akkumulýator önümçiliginde Türkiýäniň we Ýaponiýanyň enjamlary peýdalanylýar.