“Ýelken” täze görnüşli polipropilen haltalaryň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýelken” täze görnüşli polipropilen haltalaryň önümçiligine başlady
Polipropilen haltalaryň önümçiligini ýola goýan “Ýelken” hususy kärhanasy önümlerini Russiýa, Eýrana, Türkiýä, Owganystana eksport edýär.

Polipropilen haltalaryň önümçiligini ýola goýan “Ýelken” hususy kärhanasy önümlerini Russiýa, Eýrana, Türkiýä, Owganystana eksport edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde kompaniýanyň wekili täze görnüşli polipropilen haltanyň önümçiligine başlandyklaryny aýtdy.

Öz ölçegi we reňki bilen tapawutlanýan täze haltalar 25 kilogram agyrlyk götermäge niýetlenendir. Kärhananyň ölçegi 35x45 santimetr bolan bu haltalaryň ýylda 30-35 million sanysyny öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

“Ýelken” hususy kärhanasy polipropilen haltalar bilen bir hatarda, sendwiç panelleriň hem önümçiligi bilen meşgullanýar. Dürli galyňlyklady önümler içerki bazarlarda satylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän hususy kärhana çig mal hökmünde ýerli we daşary ýurt çig malyny ulanýar. 

2022