“Gündogar ýoly” täze karton we plasmas önümleri bilen bazara girýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gündogar ýoly” täze karton we plasmas önümleri bilen bazara girýär
“Gündogar ýoly” hususy kärhanasy turbalaryň önümçiliginde ýerli çig maly ulanýar.

“Gündogar ýoly” hususy kärhanasy karton gutularyň, polietilen gaplaryň we plasmas turbalaryň önümçiligi bilen meşgullanmaga başlady.

Önümlerini islege görä taýýarlap bolýandygyny aýdan kärhananyň hünärmeni Wepa Şirwanow korton gutulary dürli görnüşde kesip berýändiklerini belledi. Şeýle-de hünärmen häzirki wagtda gutular bilen üpjün etmek boýunça birnäçe türkmen kompaniýalary bilen şertnama baglaşandyklaryny beýan etdi.

Korton gutularyň gündelik 10 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilikleriniň bardygyny aýdan Şirwanow, polietilen gaplardan bolsa, gündelik 1 tonna çenli çykaryp biljekdiklerini belledi. Bu gaplar bilen hem ýerli bazar üpjün edilýär.

“Gündogar ýoly” hususy kärhanasy häzirki wagta çenli plasmas turbalaryny Türkiýä we Owganystana eksport etdi. Kärhana bu turbalary müşderiniň islegine görä dürli ölçegde öndürip bilýär. Turbalaryň önümçiliginde ýerli çig mal ulanylýar.

2022