Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Türkmen Ýyldyzy” hususy kärhanasy Türkmenistanda kabel we sim önümçiligini ýola goýdy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde “Türkmen Ýyldyzy” hususy kärhanasynyň direktorynyň orunbasary Arslan Agamämmedow kärhananyň 2019-njy ýylyň ahyrynda izolýasiýaly we izolirlenmedik alýumin simleriň hem-de kabelleriň önümçiligini ýola goýandygyny aýtdy.
“Şeýle-de biziň kärhanamyz elektrik togy bilen gurnama işleri, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň synag işleri, elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň we transformatorlaryň abatlaýyş işleri hödürleýär” diýip, Agamämmedow söhbetdeşligiň dowamynda belledi.
Agamämmedow geljekde özlerine bölünip berlen 2 gektar ýerde kuwwaty ýylda 8 müň sany elektrik şkaflaryny öndürýän zawody gurmagy meýilleşdirýändigini hem nygtady.
“Türkmen Ýyldyzy” hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylyp, onda 160 hünärmen zähmet çekýär.