Türkmen-özbek Liderleri koronowirusa garşy göreşde tagallalary birikdirmegi goldadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek Liderleri koronowirusa garşy göreşde tagallalary birikdirmegi goldadylar
Türkmen we özbek Liderleri koronawirusyň täsirine garşy durmakda bilelikdäki hereketleriň bu çylşyrymly wezipäni üstünlikli çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde dünýäde dartgynlylygy we kesgitsizligi döredýän hem-de halkara gatnaşyklaryň we söwdanyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanç keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Çarşenbe güni geçen söhbetdeşlikde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldamak bilen, bu meseläni çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini hem-de degişli ugurda Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar koronawirusyň täsirine garşy durmakda goňşy döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini goldap, bilelikdäki hereketleriň bu çylşyrymly wezipäni üstünlikli çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň Baştutanlary okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwrüň wakalaryny, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ynanyşmak we birek-biregi hormatlamak nukdaýnazaryndan guralýan strategik türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

2022