“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Türkmenistanyň telearagatnaşyk torlaryny ösdürmek” atly iri möçberli taslama gatnaşmaga isleg bildiren öňdebaryjy kompaniýalaryň gatnaşmagynda açyk halkara bäsleşiklerini geçirýär.
Bu maksatnamany maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky tarapyndan 273 million amerikan dollary möçberinde karz berildi. Maksatnama öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegini, ýurduň iň çetki künjeklerinde internet elýeterliligini üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Taslama öýjükli, simli aragatnaşygy ösdürmäge, halkara we şäherara telefon beketlerini döwrebaplaşdyrmaga, maglumaty geçirmegiň ýokary tizlikli ugurlaryny ösdürmäge, FM-radiogepleşiklerini giňeltmäge we ulanylyşyna gözegçilik ulgamyny döretmäge gönükdirilen tehniki çäreleriň ençemesiniň durmuşa geçirilmegini nazarlaýar.
Bank tarapyndan bölünip berlen serişdelere Next Generation Network (NGN) standartlaryny göterýän täze nesliň ýüzlerçe binýatlyk beketleri satyn alnar we gurnalar. “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy we Aşgabat şäher telefon ulgamy üçin multiserwis hasaplaýjy platformalarynyň gurnalmagy göz öňünde tutulýar.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda aragatnaşygy dolandyrýan döwlet guramasydyr.