Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda dolanyşygy 10 ýylda alty esse artdy

BT
Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda dolanyşygy 10 ýylda alty esse artdy
Aşgabatda geçirilen CIET 2026 halkara sergisinde “Özbegistanda öndürildi” diwarlygy, 2026-njy ýylyň 3–5-nji noýabry. (Surat: Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky on ýylda alty esse töweregi artyp, 2016-njy ýylda 200 million dollar bolan söwda dolanyşygy 2025-nji ýylda 1 milliard 203 million dollara çenli ýokarlandy. Bu barada “O‘zbekiston 24” teleýaýlymynyň anna güni ýaýlyma beren gepleşiginde habar berilýär.

Iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda 807,4 million dollara deň boldy. Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 657,4 million dollarlyk önüm import edip, Türkmenistana 150 million dollarlyk haryt eksport etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde noýabr aýynyň başynda Aşgabatda iki ýurduň 200-den gowrak telekeçisiniň gatnaşmagynda B2B görnüşindäki iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen we özbek işewürleri önüm eksportlary, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, 3–5-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen CIET 2026 halkara sergisine hem Özbegistanyň 150-den gowrak telekeçisi gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde "Şawat–Daşoguz" serhetýaka söwda zolagynyň döredilmegi hem möhüm ädim boldy. Bu başlangyjyň tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Söwda zolagy Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň serhedinde ýerleşýär.

2022
ENG TM РУС