Türkmen Lideri Owganystanyň Prezidentini täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Owganystanyň Prezidentini täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlady
Türkmenistanda Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnama tassyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlady.

Türkmen Lideri gutlagynda iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Prezidentine we ähli owgan halkyna Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi we abadançylyk hem-de ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

“Bütin adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu nurana baýram belent ynsanperwerlik maksatlaryny özünde jemlemek bilen, halklaryň arasynda agzybirligi we dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji fewralda goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnamany tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2020–2022-nji ýyllary öz içine alýan maksatnama degişli çäreleriň 12-siniň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar.

Mohammad Aşraf Gani Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine 9-njy martda gaýtadan saýlandy we kasam kabul etdi.