“Sumitomo Electric” Türkmenistana ýangyna we sowuga çydamly ilkinji kabelleri iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sumitomo Electric” Türkmenistana ýangyna we sowuga çydamly ilkinji kabelleri iberdi
Döwrebap toplumyň gurluşygyny “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” bilen Türkiýäniň “Rönesans” kompaniýasy bilelikde alyp bardy.

“Sumitomo Electric Industries Ltd.” kompaniýasy Türkmenistanda bina edilen gazdan benzin öndürýän iri desga (GTG) üçin ýangyna we sowuga çydamly ýörite kabelleri işläp taýýarlady we zawoda iberdi. Bu barada ýapon kompaniýasy sişenbe güni iňlis dilinde metbugat beýanatyny ýaýratdy.

“Sumitomo Electric” bu kabeliň -40°C çenli sowuga hem çydamlydygyny habar berýär.

Kompaniýa kabel sargydyny GTG zawodynyň gurluşygyna gatnaşan ýapon “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasyndan alandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, Merkezi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Türkmenistanda möwsümleýin howa şertleri dürli-dürlüdir. Şeýle şertlerde GTG-niň howpsuz işlemegini üpjün etmek üçin –29°C derejä çenli temperaturada ulanyp boljak oda çydamly kabeller talap edilýär. “Sumitomo Electric” bu talaba jogap hökmünde täze kabeller öndürdi.

Kompaniýa “Adaty ýangyna garşy durnukly kabelleriň -15°C derejeli howa şertlerinde ulanylan ýagdaýynda gabygy döwülmegi mümkindir. “Sumitomo Electric” tarapyndan öndürilýän kabeller bolsa, -40°C derejedäki gurak sowukda hem öz durnuklylygyny saklap bilýär” diýip belleýär.

“GTG “Sumitomo Electric” kompaniýasynyň ýangyna we sowuga çydamly kabelleriň ulanan ilkinji zawodydyr” – diýip, ýapon kompaniýasy beýanatda aýdýar. “Önümi öndüreninden soňra kompaniýa Russiýa we Mongoliýa ýaly birnäçe sowuk ýurtlardan sargytlar almaga başlady”.

Ahaldaky GTG zawody ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürýär.

Döwrebap toplumyň gurluşygyny “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” bilen Türkiýäniň “Rönesans” kompaniýasy bilelikde alyp bardy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022