Ýapon kompaniýasy Türkmenistana elektrik bekediniň dolandyryş ulgamyny iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýapon kompaniýasy Türkmenistana elektrik bekediniň dolandyryş ulgamyny iberer
Zerger elektrik bekedi Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi bolar.

Ýaponiýanyň “Yokogawa Electric Corporation” korporasiýasynyň şahamçasy bolan “Yokogawa Turkey Industrial Automation Solutions A.S” kompaniýasy Lebap welaýatyndaky Zerger gaz elektrik bekedini dolandyryş ulgamyny we meýdan enjamlaryny getirmek boýunça sargyt aldy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Kompaniýa “Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň buýurmasy esasynda elektrik bekediniň gurluşygyny amala aşyrýan “Renaissance Heavy Industries” türk kärhanasy tarapyndan sargyt edilendigini habar berdi. Şeýle-de bu dolandyryş ulgamynyň Türkmenistanda elektrik beketlerinde ulanyljak ilkinji sargytdygy bellenildi.

Beýanata görä, Türkmenistandan Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bu elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi Zerger elektrik bekedi bolup, ol sebitdäki tebigy gazy ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürer.

“Elektrik stansiýasynyň üç sany gaz turbinasyna we kömekçi desgalaryna gözegçilik etmek üçin “Yokogawa” CENTUM VP tarapyndan öndürilen integrirlenen dolandyryş ulgamy, “DPharp EJA” kysymly basyş datçikleri we “YTA610” dereje ölçeýän datçikler bilen üpjün eder” diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar. “Kompaniýa bu taslama boýunça işini üstümizdäki ýylyň sentýabr aýyna çenli tamamlar”.

“Ýokogawa” 2015-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda satuw we satuwdan soňky hyzmaty ýerine ýetirýän merkezini açdy.

Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Çarjew etrabyndaky Zerger elektrik bekedi ýönekeý aýlanyşykly gaz turbinalaryň umumy kuwwaty 400 MWt bolan üç sany turbina bilen işlär. “Sumitomo Corporation” bu taslamany düzmek, gerekli enjamlary satyn almak we durmuşa geçirmek boýunça baş potratçydyr. Elektrik bekediniň turbinalaryny we generatorlaryny bolsa, “Mitsubishi Hitachi Power Systems” (MHPS) üpjün eder.

2022