Türkmen Lideri dünýäde nebitiň nyrhynyň üýtmeginiň pudaga ýetirýän täsirini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri dünýäde nebitiň nyrhynyň üýtmeginiň pudaga ýetirýän täsirini maslahatlaşdy
Iş maslahatynda dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlar nazara alnyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynda häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýyň netijesinde, nebit bazarlaryndaky nyrhlaryň üýtgäp durýandygyny aýdyp, dünýä ykdysadyýetinde hem-de halkara bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilýän möçberiniň pese düşendigine ünsi çekdi.

Çarşenbe güni geçirilen iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary Myratgeldi Meredow hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew gatnaşdy.

Maslahatda ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideri nebiti çykarmagyň möçberiniň gazanylan ösüş depginini saklamak hem-de 2020-nji ýyl üçin bu pudagyň maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin bähbitli teklipleriň taýýarlanylmalydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, nebitgaz senagatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar, Demirgazyk Goturdepe, Uzynada, Altyguýy ýaly täze nebit ýataklary açylýar hem-de ulanylmaga berilýär. Şeýle-de nebiti gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklar döredilýär, şeýlelikde, nebit önümleriniň halkara bazarlaryna eksport edilýän möçberi artdyrylýar.

Döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylaryň öňünde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak, onuň eksport kuwwatlyklaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitledi we olary ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.