Telekeçi Hangeldi Atakaýewiň eýeçiligindäki Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap haly önümhanasy ýylda 1000 inedördül metre çenli haly önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär.
Telekeçiniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda, önümhanada zähmet çekýän zenanlaryň nepis göli türkmen halylaryň dürli ölçegdäki görnüşlerini dokaýandyklaryny aýtdy. “Halylaryň ölçegleri 1 inedördül metrden başlap 60 inedördül metre çenli ýetýär” diýip, işewür sözüniň üstüni ýetirdi.
“Biziň kärhanamyz Russiýa, Türkiýä, Azerbaýjana we beýleki ýurtlara ýylda 1000 inedördül metre çenli haly önümleriniň eksportyny amala aşyrýar” diýip, Atakaýew belledi.
Gürrüňdeşligiň barşynda telekeçi Atakaýew geljekde Daşoguz welaýatynda haly dükanlarynyň üçüsini açmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Daşoguz welaýatynyň çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Gubadag haly önümhanasy 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen bäsleşikde telekeçi Hangeldi Atakaýew tarapyndan satyn alyndy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 1000 inedördül metrden gowrak bolup, onda 47 hünärmen zähmet çekýär.