“Ezber daýhan” pawlowniýa nahallaryny ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ezber daýhan” pawlowniýa nahallaryny ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy
“Ezber daýhan” Ahal welaýatynyň ekerançylaryny pomidoryň, hyýaryň, bulgar burçunyň şitilleriniň sebitleşdirilen görnüşleriniň 1 milliona golaýy bilen üpjün edýär.

Ahal welaýatynda şitil ösdürip ýetişdirmek bilen adygan “Ezber daýhan” daýhan hojalygy ýurtda ilkinji gezek pawlowniýa agajynyň nahallaryny ýetişdirmäge başlady.

“Häzirki wagtda Ak bugdaý etrabyndaky tejribe meýdançamyzda bäş ýüz düýpden gowrak nahal ösdürilýär” diýip, daýhan hojalygyň esaslandyryjysy Arslan Nurgeldiýew “Rysgal” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

Nurgeldiýew pawlowniýany ýetişdirmegiň ykdysady taýdan girdejilidigini aýdyp, “Ol ynjyk bolman, tutuşlygyna, ýagny köki, ýapragy we gülleri hem dünýä bazarlarynda köp islegli harytdyr. Olar köp ýerde, mebel we saz gurallaryny ýasamakda, derman önümçiliginde, parfýumeriýada, biotehnologiýada we beýleki ugurlarda ulanylýar” diýip belledi.

“Pawlowniýanyň ortaça 20-50 ýyl aralykda peýdasyny görüp bolýar. Ara 4-8 ýyl salyp, özi-de ýylyň islendik möwsüminde ony kesip almak bolýar, şondan soň, agaç ýene-de ösüp başlaýar” diýip, işewür bu agajyň peýdalary barada belläp geçdi. “Ýetişdirip oturan pawlowniýa nahallarymyza häzirden isleg bildirýänleriň bardygy ýola goýan täze önümçiligimiziň oňlanylýandygyna şaýatlyk edýär”.

Welaýatyň ekerançylaryny pomidoryň, hyýaryň, bulgar burçunyň şitilleriniň sebitleşdirilen görnüşleriniň 1 milliona golaýy bilen üpjün edýän “Ezber daýhan”-yň köpugurly ýyladyşhanasy we 100 gektara golaý ekin meýdany bar.

Kärhanada işleýän daýhanlaryň zähmeti bilen ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda her ýyl gök ekinlerden 100-120 tonna hasyl alynýar. Önümiň aglaba bölegini bolsa, gaýtadan işleýän we gaplaýan hususy haryt öndürijiler satyn alýarlar.

Şeýle hem, “Ezber daýhan” ýyladyşhanalary gurmak hyzmatyny we olaryň tehniki üpjünçiligi babatda hyzmatlary hem ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, onuň işiniň ýene bir ugry ösümlikde seçgi işidir. Häzirki wagtda hojalygyň nahalhanasynda pomidoryň alty, ajy we bulgar burçunyň üç görnüşi synag edilýär.