“Eşretli kenar” önümçiliginde ýerli polimerleri ulanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Eşretli kenar” önümçiliginde ýerli polimerleri ulanýar
“Eşretli kenar” şu ýyl polietilen paketleriniň 180 tonnasyny, polipropilen haltalarynyň 280 tonnasyny, polipropilen turbalarynyň 257 tonnasyny öndürmegi maksat edinýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Eşretli kenar” hususy kärhanasy şu ýyl meýilleşdirýän polietilen we polipropilen önümleriniň göz öňünde tutýan möçberini doly öndürmegi maksat edinýär.

Hususy kärhananyň bölüm müdiri Nurgeldi Berdimyradow önümleriň ýokary hilini saklamaga çalyşýandyklaryny aýdyp, müşderileriň isleginiň göwnejaý ýerine ýetirilmegi hemişe üns merkezindedigini belledi.

“Kärhanamyzda şu ýyl meýilnama boýunça polietilen paketleriniň 180 tonnasyny, polipropilen haltalarynyň 280 tonnasyny, polipropilen turbalarynyň 257 tonnasyny öndürmegi maksat edinýäris” diýip, Berdimyradow belledi. “Ýylyň ilkinji aýlaryndan gazanýan netijelerimiz bellenilen sepgide abraý bilen ýetjekdigimize şaýatlyk edýär”.

Kärhana üçin zerur bolan çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär.

Şeýle-de “Eşretli kenar” hususy kärhanasy plastmassa, rezin we plastik önümlerini gaýtadan işleýär. Bu ýerde 40-dan gowrak işgär zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022