Türkmen telekeçileri ýokary möçberdäki maýa goýumlary özleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri ýokary möçberdäki maýa goýumlary özleşdirýärler
Şu ýyl Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberindäki döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň 70 göterimden az bolmadyk derejesiniň üpjün ediljekdigi çaklanylýar.

“Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurtda importyň öňki derejelere görä azalyp, eksportda täze mümkinçilikleriň emele gelmeginde döwlete degişli bolmadyk pudagyň paýy barha ýokarlanýar.

“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, 2020-nji ýylda türkmen telekeçileri oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlardan başga-da, hojalyk galyndylaryny, zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawody, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda eti we süýdi gaýtadan işleýän kärhanany, şol etrapda nah ýüplük egriji fabrigi, Gökdepe etrabynda 6 gektar meýdanda demir-beton önümlerini öndürýän zawody, alýumin profillerini öndürýän zawodyny gurar.

Şeýle-de türkmen işewürleri Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda 10,5 gektar meýdanda ýüň ýuwýan we egriji kärhanany, çüý önümlerini öndürýän we polietilen halta çykarýan fabrigi, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Leýlimekan (Tubigatan) kaliý duzlarynyň ýatagynda her ýylda 700 müň tonna kaliý dökünlerini öndürýän kombinaty gurmak üçin ýokary möçberlerdäki maýa goýumlary özleşdirerler.

Gürrüňi edilýän maksatnamanyň çäklerinde dürli pudaklarda hususyýetçiler tarapyndan alnyp barylmaly gurluşyklar hem giň gerimlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary häzirki güne çenli söwda we hyzmatlar merkezlerini, azyk, et, süýt önümlerini, gök-bakja önümleriniň we miweleriň şerbetlerini, alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalary, gurluşyk harytlaryny öndürýän kärhanalary, mebel öndürýän toplumlary, şeýle-de beýleki önümçilikleri gurup ulanmaga berdiler we bu ugurdaky işlerini dowam edýärler.

Gazanylýan şeýle netijeler şu ýylda-da dowam etdirilip, ýurduň jemi içerki önüminiň möçberindäki döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň 70 göterimden az bolmadyk derejesiniň üpjün ediljekdigi çaklanylýar.

“Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurduň dürli düzümlerine gönükdirilen jemi maýa goýumlar 39,5 million manat möçberinde kesgitlenildi.