Lebabyň gazçylary “mawy ýangyç” ýataklaryny işjeň özleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebabyň gazçylary “mawy ýangyç” ýataklaryny işjeň özleşdirýär
“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň Kükürtli önümçilik bölümi Kükürtli, Malaý, Bagaja, Sakar, Çartak, Farap we Täjibaý ýataklarynda tehniki gözegçilik işlerini geçirýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary boýunça 1 mlrd. 555 mln. kub metr gaz almak bilen öňde goýlan meýilnamany 141% ýerine ýetirdi.

Gazy almak bilen bir hatarda, gaz kondensatynyň önümçiligi hem artdyryldy. Bu döwür üçin “Lebapgazçykaryş” müdirligi 11,3 müň tonna gaz kondensatyny alyp, meýilnamany 136.5% ýerine ýetirdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň Kükürtli önümçilik bölümi Kükürtli, Malaý, Bagaja, Sakar, Çartak, Farap we Täjibaý ýataklarynda operatiw-tehniki gözegçilik işlerini ýerine ýetirýär. Bu ýerlerde 400-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu döwür üçin önümçilik meýilnama 150% ýerine ýetirildi.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyl sekiz milliard kub metrden gowrak “mawy ýangyç” we 50 müň tonnadan gowrak gaz kondensatyny öndürdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022