Gümrük kodeksinden ygtyýarlandyrylýan amallaryň birnäçesi aýryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gümrük kodeksinden ygtyýarlandyrylýan amallaryň birnäçesi aýryldy
Paçsyz söwda dükanynyň, gümrük ammarynyň, wagtlaýyn saklanylýan ammaryň hem-de gümrük dellalynyň telekeçilik maksady bilen amala aşyrýan işi ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriň sanawyndan aýryldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakyndaky” kabul eden Kanuny 1-nji aprelden başlap güýje girdi.

Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan “Aýry-aýry gümrük düzgünleriniň çäklerinde amala aşyrylýan we gümrük hyzmatlaryny bitirmek boýunça işiň” aýrylmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Bu üýtgetmelere laýyklykda, ygtyýarnama esasynda amala aşyrylýan işiň aşakdaky görnüşleri, ýagny paçsyz söwda dükanynyň, gümrük ammarynyň, wagtlaýyn saklanylýan ammaryň hem-de gümrük dellalynyň telekeçilik maksady bilen amala aşyrýan işi ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriň sanawyndan aýryldy.

Şeýle hem, kodeksiň 5-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 28-nji bendinde beýan edilen “Ulag serişdeleri” diýen düşünjä konteýner hem girizildi. Mundan öň “konteýner” düşünjesi “köp dolanyşykly gaplar” manysynda ulanylýardy.

Türkmenistanda Gümrük kanunçylygy halkara kadalaryna esaslanýar. Gümrük kodeksi Gümrük amallaryny sazlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek hakynda Kioto konwensiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýär.