“Täç hil” hususy kärhanasy öz hünärmenleri tarapyndan oýlap tapylan üzärlik dänejikli suwuk sabynyň önümçiligine başlar. Türkmen tebigatyndan alynýan üzärlikden taýynlanan bu önüm barlagdan geçirilip, önümçilige girizilmäge taýýar edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Polietilen paketlerini öndürmek bilen bazara giren “Täç hil” geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze önümçilige başlady. Bu ýerde önümçilik kuwwaty polietilen torbalarynyň bir gije-gündiziň dowamynda 1.5-2 tonnasyny, çygly süpürgiçleriň 28 müňe golaýyny, ýuwujy serişdeleriň hem 26 müň sanysyny öndürmäge niýetlenen iň kämil enjamlar ornaşdyryldy.
“Täç hil” häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň 28 görnüşi bilen birlikde, ýuwujy serişdeleriň dokuz görnüşini, suwuk sabynlaryň 5 görnüşini öndürýär. Geçen ýyl kompaniýa olaryň aglaba bölegini Eýrana, Gazagystana, Owganystana, Özbegistana, Azerbaýjana we Gyrgyzystana eksport etdi.
Önümleriň daşky gaplaryny, gapaklaryny ozal ýurduň daşyndan getiren kärhana häzirki wagtda ýerli çig mallary, ýagny Gyýanlynyň polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa zawodynyň önümlerini ulanýar. Olardan alnan gaplara islege görä, görnüş, sypat we daşky bezegi kärhananyň öz hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.
“Täç hil” hususy kärhanasy biznes meýilnamalarynyň esasynda her üç aýdan täze önümi bazara çykarmagy maksat edinýär. Bu ýerde hünärmenleriň 70-e golaýy zähmet çekýär.
2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy HALAL RC HL 17-009, ISO 22716, OHSAS 18001, ISO 9001, ISO 14001, ISO 10002 we GMP halkara sertifikatlaryna eýedir.