Türkmen we tatar Liderleri koronawirus bilen bagly meseleleri maslahat etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we tatar Liderleri koronawirus bilen bagly meseleleri maslahat etdiler
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda penşenbe güni geçen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyklar barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler taraplaryň köp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem kärdeşler dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşarky ýagdaýlara garamazdan, öz wagtynda bilelikde görlen çäreleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik beriljekdigine ynam bildirildi.

Taraplar türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.