Türkmenistanda azyk gorlaryny döretmek boýunça goşmaça çäreler geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda azyk gorlaryny döretmek boýunça goşmaça çäreler geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjowa gysga wagtyň içinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň çärelerini işläp taýýarlamagy hem-de hödürlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gylyjow döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynyň, şeýle hem telekeçilik ulgamynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady.

Şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidigini aýtdy.

Koronawirusyň ýaýramagynyň dünýä ykdysadyýetine zyýanly täsir edýändigini belläp, Türkmen Lideri içerki önümçiligi ýokary depginli ösdürmegi we senagat taýdan öz-özüňi üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmagy, şeýle hem kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer Çary Gylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti “Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berilmelidir” diýip belledi.

2022