Daşoguzda ýeralma ýetişdirýän hususyýetçileriň sany köpelýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda ýeralma ýetişdirýän hususyýetçileriň sany köpelýär
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýeralma ýetişdirmek üçin ýeriň meýdany 4 müň gektara çenli artdyrylyp, ondan 56 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýatynda hususy goýumyň hasabyna ýeralma önümçiligi artdy. Welaýatda munuň üçin hususy daýhanlara ýeralma ösdürip ýetişdirmäge berilýän ýerleriň çägi giňeldilýär.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda telekeçi Döwran Esenow N.Andalyp daýhan birleşiginde ýer alma önümçiligi üçin 578 gektar ýeri özleşdirdi. Telekeçi Esenow bu ýerden 8 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýär.

Etrap boýunça ýeralma önümçiligi üçin jemi 2,100 gektar ýer bölünip berildi.

Welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabynda “Kerwen Hyzmaty” hojalyk jemgyýeti 35 gektar ýerde ýeralmanyň oturdyş işlerini tamamlap gelýär. Kärhana her gektardan 140 sentnere çenli hasyl almagy meýilleşdirýär.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ýeralma ýetişdirmek üçin ýeriň meýdany 4 müň gektara çenli artdyrylyp, ondan 56 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.