Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen Tatarystanyň kompaniýalary hyzmatdaşlyga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen Tatarystanyň kompaniýalary hyzmatdaşlyga taýýar
Wideomaslahatlarda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň ulag agentlikleri Tatarystandaky hyzmatdaşlary bilen duşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirdi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşan wideokonferensiýasynda bar bolan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Taraplar Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilýän lukmançylyk üçin niýetlenen we beýleki dikuçarlary, şeýle-de ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp edilýän serişdeleri hem-de zerur enjamlary satyn almak meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda uçarman we inžener-tehniki işgärlere okuw sapaklaryny bermek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Тürkmenawtoulaglary” agentliginiň we “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda geçirilen wideomaslahata Türkmenistanyň dürli pudak edaralarynyň, şol sanda agentligiň wekilleri we “KAMAZ”-yň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da “KAMAZ” kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler.

Kompaniýanyň wekilleri Türkmenistanyň bazarynyň “KAMAZ” üçin örän möhüm bolup durýandygyny belläp, geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilmegine has jogapkärli çemeleşjekdiklerini aýtdylar.

Şeýle-de Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi.

Wideomaslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we portuň ýolbaşçylary we hünärmenleri, “"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri we Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri, “"Ak bars" Gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýetiniň hem-de “A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawody” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň barşynda gury ýük daşaýan gämisini gurdurmagyň ileri tutulýan taslama bolup durýandygy tatar tarapyna mälim edildi. Tatar tarapy gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny habar berdi.

Gepleşigiň barşynda gämi gurluşygyny maliýeleşdirmek meselelerine hem garaldy.

2022