“Türkmenhimiýa” we Tatarystanyň kompaniýasy önümçilik taslamasy boýunça pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhimiýa” we Tatarystanyň kompaniýasy önümçilik taslamasy boýunça pikir alyşdylar
Wideokonferensiýada täze önümçilik toplumynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly dürli meseleler boýunça pikir alşyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Tatarystanyň “KER-Holding” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri duşenbe güni wideokonferensiýa geçirdiler.

Wideomaslahatda Türkmenabadyň himiýa zawodynda toplumlaýyn dökün önümçiligi boýunça enjamy gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak hem-de degişli şertnamany taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere esasy üns berildi.

2019-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “KER-Holding” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Resminamada taraplaryň Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmakda özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary beýan edilýär.

Tatar kompaniýasy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kuwwaty ýylda 170 müň tonna dökün öndürmäge deň bolan önümçilik enjamynyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça yglan eden halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy.

Taslamany durmuşa geçirmek baradaky degişli Çarçuwaly ylalaşyk geçen ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda baglaşyldy.