HBTM ýaşlar üçin biznes treningleri ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
HBTM ýaşlar üçin biznes treningleri ýola goýdy
Deslapky okuwda “Netijeli aragatnaşyk we söhbet etmek endikleri” atly temada trening geçirildi.

“Hukuk, biznes we tehnologiýalar” (HBTM) mekdebi telekeçilik bilen gyzyklanýan ýaşlar üçin biznes trening seriýalaryny ýola goýdy.

Deslapky okuwda “Netijeli aragatnaşyk we söhbet etmek endikleri” atly temada trening geçirildi. Bu okuwa ýaş ýetginjekler, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Okuwyň dowamynda aragatnaşyk düşünjesi, sözli, sözsüz we ýarym sözli aragatnaşyk, aktiw we passiw diňlemek, açyk we ýapyk soraglar ýaly temalara degişli dürli ýumuşlar ýerine ýetirildi.

“Bu okuw meýilnamasynyň esasy maksady ýaşlaryň öz duýgularyny, isleglerini çeper, doly, dogry we dogumly ýagdaýda beýan edip bilmeklerini ýola goýmak bolup durýar. Iki taraplaýyn ýa-da köp taraplaýyn gatnaşyklarda goýberilýän ýalňyşlara üns çekilip, kommunikasiýany has netijeli ýagdaýa getirmek amaly okuwlar arkaly öwredilýär” diýip, merkeziň mugallymy Halow Döwran nygtady.

Halowyň bellemegine görä, bu treninglere gatnaşan ýaşlar öz isleýän hünärlerini saýlamakda hem tapawutlanarlar.

Trening seriýalary biznesi esaslandyrmak, işewürlik etikasy, maliýeleşdirmek ýaly temalar boýunça dowam eder.

“Hukuk, biznes we tehnologiýalar” mekdebi 2014-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri, mental arifmetika, kompýuter sowatlylygy, buhgalteriýa, hukuk ýaly ugurlar boýunça möhletli okuwlary hödürleýär. Şeýle-de şahsy kämilleşdiriş treningleri ýygy-ýygydan gurnaýar.

2022