Türkmenistan bilen Bütindünýä banky maýa goýumlary çekmek boýunça maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky maýa goýumlary çekmek boýunça maslahatlaşdylar
Wideomaslahatda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda çarşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideomaslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk taslamalary üçin maýa goýumlary çekmek meseleleri babatynda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda özara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns çekdiler. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak ýaly ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklaryň netijeliligini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň has hem ösdürilmegine gönükdirilen tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Türkmenistan 1992-njy ýylyň sentýabrynda Bütindünýä bank toparyna goşuldy. Bütindünýä banky 1996-njy ýylda Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy.

Häzirki döwürde Türkmenistan Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki iri maliýe guramalary bilen işleşýär. 

2022