“Türkmennebit” bilen “Таtneft” hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmennebit” bilen “Таtneft” hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Maslahata gatnaşyjylar “Türkmennebit”-iň nebit kärhanalarynyň ýataklarynda alnyp barylýan geologiýa-tehniki amallaryna degişli pikirleri alyşdylar.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň edara binasynda çarşenbe güni “Таtneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew ýolbaşçylyk etdi. “Таtneft” JPJ-e jemgyýetiň baş direktory Nail Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda “Türkmennebit” DK-niň we “Таtneft” JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar “Türkmennebit”-iň nebit kärhanalarynyň ýataklarynda alnyp barylýan geologiýa-tehniki amallaryna degişli pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar käbir nebit kärhanalaryny hem öz içine almagy bilen bir hatarda, guýularyň düýpli abatlamasy we ýanaşyk ugurlarynyň burawlamasy boýunça hyzmatlary bermek işleriniň geriminiň giňeldilmegi babatynda deslapky ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle-de onlaýn-gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn nygtap geçdiler.

“Tatneft”-iň şahamçasy 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda hasaba alyndy. Şahamçanyň esasy iş ugry guýulary düýpli abatlamakdan, howdanlara basyş boýunça hyzmat ediş ulgamyny guramakdan we nebit desgalarynda awtomatlaşdyryş ulgamlaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.