“Nurly Tolkun” Türkmenistanda “smart öý” taslamalaryny durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nurly Tolkun” Türkmenistanda “smart öý” taslamalaryny durmuşa geçirýär
“Nurly Tolkun”-nyň hünärmenleri “MiMiSmart” rus kompaniýasynyň enjamlaryny ulanyp, Türkmenistanda dört sany “akylly öý” taslamalaryny işläp düzdiler.

“Nurly Tolkun” hususy kärhanasy “MiMiSmart” rus kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda “smart öý” taslamalaryny durmuşa geçirýär.

“Biziň kärhanamyzyň programistleri tutuş şäheri sanlaşdyrmagy maksat edindiler. Bu pudakda biziň hünärmenlerimizde ýeterlik tejribe bar, olar “MiMiSmart” rus kompaniýasynyň enjamlaryny ulanyp, Türkmenistanda dört sany “akylly öý” taslamalaryny işläp düzdiler we durmuşa geçirdiler” diýip, kärhananyň IT-tehnologiýalar bölüminiň ýolbaşçysy Arslan Bazarbaýew aýtdy.

“"Smart öý" taslamasynyň ulgamy LEGO ýaly düzülip, her adam öz islegi boýunça funksionaly saýlap bilýär, galyberse-de, geljekde onuň üstüni dolmaga mümkinçiligi bardyr” diýip, Bazarbaýew belledi.

Bazarbaýewiň aýtmagyna görä, “Nurly Tolkun” hususy kärhanasy geljekde “MiMiSmart” kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda “smart şäher” taslamasy üçin hem täze tehnologiýalary girizmegi meýilleşdirýär.

“Nurly Tolkun” hususy kärhanasy 2014-nji ýyldan bäri hereket edýär.