Türk kompaniýasynyň 67 million ýewrolyk jedeli Türkmenistanyň haýryna çözüldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türk kompaniýasynyň 67 million ýewrolyk jedeli Türkmenistanyň haýryna çözüldi
Maýa goýum jedelleri çözmegiň halkara merkeziniň tribunaly “Lotus Holding” kompaniýasynyň jedelini Türkmenistanyň haýryna çözdi. (Surat: “icsid.worldbank.org”)

Şu ýylyň 6-njy aprelinde Waşingtonda ýerleşýän Maýa goýum jedellerini çözmegiň halkara merkeziniň tribunaly “Lotus Holding” türk kompaniýasynyň 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetine garşy gozgan 67 million ýewrolyk kazyýet işi boýunça çözgüt çykardy. Bu barada “Global Arbitration Review” žurnalynda habar berilýär.

Çözgüde laýyklykda, türk kompaniýasynyň energetika pudagyndaky şertnamalary türkmen hyzmatdaşlarynyň ýerine ýetirmändigi baradaky şikaýaty ret edildi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa Türkmenistanyň Hökümetine 1 million ABŞ dollary möçberinde kazyýet çykdajylaryny tölär.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň öňe sürmegine görä, “Lotus Holding” kompaniýasynyň garamagyndaky “Lotus Enerji” kompaniýasynyň Türkmenistanda işleriniň tamamlanmagy bilen türkmen Hökümeti “degişli tölegleri amala aşyrmazdan kompaniýanyň dürli taslamalaryny bikanun ýagdaýda öz ygtyýaryna geçirdi”. Taslamalar umumy kuwwaty 254 MWt bolan iki sany elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna maýa goýum goýmakdan ybaratdy.

“Lotus Holding” kompaniýasynyň talabynyň ýuridiki esasynyň we Hökümetiň şertnamalar boýunça işinde türk kompaniýasy bilen hiç hili baglanyşygynyň ýoklugy sebäpli, türkmen Hökümeti öz gezeginde şikaýaty ret etmek barada haýyşnama ugratdy.

Netijede, halkara arbitraž kazyýeti Türkmenistanyň haýryna çözgüt kabul etdi. Şeýle hem “Lotus Holding” kompaniýasynyň talabynyň subutnamalar we resminamalar bilen görkezilmändigi bellenildi.

2022