Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjowyň ýurtda eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatyny diňledi.
Wise-premýer Gylyjowyň beren hasabatyna görä, sanly sergi internet saýty görnüşinde döredilip, onda ösen tehnologiýalaryň we elektron şekilleriň üsti bilen ekspozisiýalary emele getirmek arkaly kärhanalar we guramalar, harytlar hem-de hyzmatlar, gazanylan ykdysady netijeler hem-de üstünlikler baradaky elektron maglumatlar ulanyjylaryň giň köpçüligine hödürlener.
Eksport harytlaryň elektron sergisini Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde işläp taýýarlamak we onda birnäçe pudaklaryň we hususyýetçileriň elektron sergilerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, elektron sergisini döretmegiň taslamasy söwda gatnaşyklarynyň çägini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanda täzeçil tehnologiýalaryň esasynda dünýä ölçeglerine gabat gelýän nah pagtadan ýokary hilli dokma önümleriniň, ýüpek matalarynyň, şeýle hem el halylaryň köp görnüşleriniň öndürilýändigini ýurt Baştutany belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow önümleriň daşary ýurt bazarlaryna has işjeň ugradylmagy üçin degişli mahabat-maglumat üpjünçiliginiň zerurdygyny hem aýdyp, sergide Türkmenistanyň bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriniň giňden beýan edilmelidigini hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda ösdürilmelidigini belledi.