Aşgabatda Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak baradaky toparyň maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak baradaky toparyň maslahaty geçiriler
Edara binasy Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda guramasy 1995-nji ýylda esaslandyryldy.

Türkmenistanda 15-nji aprelde Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulmak baradaky ýörite hökümet toparynyň mejlisi geçiriler.

Ýörite topar Türkmenistanyň BSG-a goşulmak baradaky meselesini öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylda döredildi. Bu toparyň mejlisleriniň, şeýle hem şol edaranyň wekilleri we halkara bilermenleri bilen geçirilen geňeşmeleriň jemleri boýunça ýurduň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagynyň ilkinji ädimi hökmünde türkmen ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly şertleri döretjekdigine garaşylýar.

Geçirilmegi göz öňüne tutulýan mejlisde bu mesele ara alyp maslahatlaşylar hem-de degişli maglumatlary taýýarlanar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynda söwda gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar we ýurtda Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurduň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orun eýeleýär.

Edara binasy Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda guramasy 1995-nji ýylda esaslandyryldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022